Ýerli we daşarky bazarda birnäçe ýyllaryň dowamynda işlemekligimiz we hyzmatdaşlarymyzyň birnäçe ýyllaryň dowamynda üznüksiz dowamly sargyt etmekligi hilimiziň netijesini görkezýär. Çyg mallarymyzy satyn alanymyzda bilermenlerimiz tarapyndan onuň ähli görkezijilerini barlamaklygy we Dünýä ülňülerine laýyk bolmaklygy biziň talabymyz bolup durýar. Kagyzlaryň, ýelimleriň we boýaglaryň ähli görnüşleri adam saglygyna we daşky gurşawa düýpgöter zyýansyz bolup durýar. Bulardan başgada ýerli standarta laýyk gelmegi we her bir önümi tapgyrlaýyn synagdan geçirip sertifikatlaşdyrmak hil jogapkärçiligimizi artdyrýar.
ISO 9001:2015 sertifikatynyň bolmagy, degişli gurmalaryň ygtyýarnamalary we sertifikatlary almagymyz hil kepilligimize aýdyň şaýatlyk edýär.
Her bir torbanyň we beýleki gaplamanyň berkligine, hyzmat ediş möhletine ýük göterijiligine Öndüriji hökmünde kepil geçýäris. Önümçilik birnäçe tapgyrdan ybarat bolup her tapgyrda önüme aýratynlykda hil barlagyny amala aşyrýarlar. Barlag YEDIDOGAN tarapyndan goýlan gözükdirmä gabat gelmese göni saklanylýar. Hyzmatdaşlarymyzyň önümiň hili boýunça nägilelikleri aýratyn ünsde saklaýarys, Müşderi doly kanagatlanýança degişli işleri amal edýäris.
Her bir hyzmatdaşymyzyň razy bolmagy biz üçin aýratyn uly bagt. Watandaşlarymyzyň biziň önümlerimizi ulanmagy bolsa bizi örän begendirýär we çekilen zähmetiň ýerine düşendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Kagyz torbany ulanýan şahs ekologiýany goramaga öz goşandyny goşýandygyna buýsanyp biler.