Biziň önümlerimiz

Biziň tejribämiz, islendik çylşyrymlylyk derejesindäki sargytlaryň ýerine ýetirilmegini kepillendirmäge mümkinçilik berýär: kraft torbalardan başlap, ýokary tehnologiýaly klapan kagyz haltalaryna çenli.

Önümlerimiziň görnüşi

Kraft kagyzdan we pergamentden sarp ediji gaplama

Kraft torbalar bükülen tutawaçlar bilen

Bükülen tutawaçly torba – önümleriňizi gaplamak üçin ajaýyp torba. Durmuşda gündelik ulanmak üçin örän amatly. Tutawaçlarylaryň bükmegiň ýörite usuly sebäpli, torba 5 kg çenli agramy göterip biler.

пакет с ручкой без фона
пакеты без ручки

Tutawaçsyz torbalar gönüburçly aşagy bilen

Tutawaçsyz torbalar – amatly, çydamly we ekologiýa taýdan arassa iýmit gaplamasy. Kagyz torbalary ulanmak siziň keşbiňize peýdaly täsir eder we täze müşderileri özüne çeker. Torbanyň howa geçirijiligi önümiň täzeligini uzak wagtlap saklamaga kömek edýär.

Kraft torbalar (saşet)

Örän meşhur we islegli gaplama görnüşi. Torbalar ekologiýa taýdan arassa we howpsuz materiallardan ýasalandygy sebäpli azyk senagatynyň we lukmançylygyň köp pudaklarynda giňden ulanylýar. Bu material zyňylmagy aňsatlaşdyrýar we ekologik standartlaryna laýyk gelýär. Şeýle hem önümiň hiline, tagamyna we görüş duýgusyna täsir etmeýär. Çörek we konditer önümleri üçin açyk görünýän penjireli iýmit kagyz haltalary ulanylýar. Çalt nahar gaplamak üçin çyglylygy we ýag garşylygy (pergament, podpergament) bilen kagyzdan ýasalan torbalar we burçlary hödürleýäris.

соше без фона
обертка без фона

Gaplamak, pergament we podpergament kagyzy

Ýaga we gyzgynlyga garşylyk häsiýetleri sebäpli iýmit gaplamak üçin gaty meşhurdyr. Kagyz arzan bahadan, ekologik arassa we berklik bilen bilelikde uly islege eýe. Fast fud, aşpez tagamlary, taýyn et we balyk önümleriň, süýt önümleri we ş.m. ýaly azyk önümlerini gaplamak üçin giňden ulanylýar.

Ýüzi suratly saçak (pleýsmet)

Islendik stol düzülişine rahatlyk we ýylylyk goşup bilýän ýönekeý, ýöne owadan aksessuar. Güýçli we çydamly kraft kagyzlaryndan ýasalan bu saçak diňe bir çyzgydan we kirden goranman, eýsem içerki görnüşe ajaýyp goşundy bolar.

плестмейстер

Kraft kagyzdan ýasalan önümçilik gaplamasy

мешки с калапаном 2

Klapanly haltalar

Gury, ownuk önumleri saklamak we daşamak üçin niýetlenen çydamly we ygtybarly gaplama. Ýyrtylmana garşylygy, ýokary berklik we çydamlylyk tarapyndan özini görkezen ähli önümlerimiziň görnüşi 100% sulfat selulozadan öndirilýär. Torbadaky klapan; doldurmagy aňsat we çaltlaşdyrýar we doldurylandan soň ygtybarly ýapylýar. Standarta laýyklykda agzy açyk haltalar; 65gr/m – 70gr/m, we 3 gat ýa-da 4 gat kraft kagyzyndan ýasalýar. Ýokarky gatlak üçin dykyzlygy 70 g/m ýa-da 80 g/m bolan goňur ýa-da ak kraft kagyzy ulanylyp bilner.

Klapansyz haltalar

Tikin ýa-da ýelim bilen ýelimleniýan, gury akyjy we bölek önümleri üçin niýetlenen açyk köp gatly haltalar. Kagyz gatlaklarynyň we kombinirlenen materiallarynyň umumy sany iki-alty aralykda. Ähli önümlerimiziň görnüşi 100% sulfat selulozadan öndirilýär. Iýmit önümleri üçin (süýt tozy, iýmit hamyrmaýa, balyk uny, makaron önümleri, iýmit goşundylary) adatça üç gatly we dört gatly açyk haltalar ulanylýar. Adaty bolşy ýaly, açyk haltalar; dykyzlygy 65 g/m ýa-da 70 g/m, üç ýa-da dört gatlakda bolan halta kagyzdan ýasalýar. Ýokarky gatlak üçin dykyzlygy 70 g/m ýa-da 80 g/m bolan goňur ýa-da ak kraft kagyzy ulanylyp bilner.

мешки ез клапана
Scroll to Top